Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti soraga gelmek çakylygyndan üçünji gezek hem boýun towlady


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkekde Içeri işler ministrliginiň anyk aýdylmadyk jenaýat işi boýunça soraga gelmek çakylygyndan üçünji gezek hem boýun gaçyrdy. Bu ýagdaýyň onuň häkimiýetler tarapyndan sorag üçin tussag edilmegine getirmegi mümkin.

Atamýewiň aklawçysy Sergeý Slesarew AÝ/AR-a öz müşderisiniň 19-njy iýulda Içeri işler ministrligine soraga barmakdan ýüz dönderendigini, sebäbi parlamentiň geçen aý Atambaýewi jogapkärçilige çekilmezlik hukugyndan mahrum etmeginiň bikanun bolandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmiler soraga gelmek baradaky üçünji çaklygy Atambaýewiň Bişkegiň golaýyndaky Koý-Taş obasyndaky ýaýyna eltip berdiler.

Ol çakylykda Atambaýwiň ministrlige 19-njy iýulda, ir sagat 10-da, jenaýat derňewiniň çägindäki sorag üçin gelmelidigi aýdylýar. Çakylykda jenaýat işi hakyndaky detallar açylmaýar.

Atambaýew mundan öň hem, häkimiýetleriň özi hakyndaky kararynyň "bikanundygyny" aýdyp, Içeri işler ministrliginiň iki çakylygyny ret etdi.

Atambaýew 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli prezident bolan döwründe wezipesinden jenaýatçylykly peýdalanmak bilen bagly bäş aýyplamada, şol sanda korrupsiýada, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda, bikanun baýlyk toplamakda aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG