Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar, dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, ABŞ goşunlarynyň getirilmegini tassyklady


Saud Arabystanynyň patyşasy Salman. Arhiw suraty
Saud Arabystanynyň patyşasy Salman. Arhiw suraty

Saud Arabystanynyň patyşasy Salman, Eýran bilen dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, iki ýaranyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirip, 2003-nji ýylda Yragyň diktatory Saddam Husssein agdarylaly bäri ilkinji gezek ABŞ goşunlarynyň ýurtda ýerleşdirilmegini tassyklady.

“Saud Arabystany bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk, olaryň sebitdäki howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga kömek etjek ähli zady etmek islegi esasynda, patyşa Salman amerikan goşunlarynyň ýurtda ýerleşdirilmegini tassyklady” diýip, döwlet eýeçiligindäki SPA habar agentligi 19-njy iýulda Goranmak ministrliginiň sözçüsine salgylanyp aýtdy.

Saud resmileri bu ylalaşyk boýunça diňe çäkli maglumatlary berdiler. Emma ABŞ-nyň uly derejeli goranyş resmileri AP habar gullugyna käbir goşun düzümleriniň we “Patriot” howa-gorag ulgamynyň eýýäm Şazada Sultan howa bazasyna eltilendigini aýtdylar.

Bu howa bazasy Riýadyň günortasynda, ABŞ-nyň ozalky goşun ýerleşdiren ýerinde ýerleşýär.

Esgerler bu bazany tomsuň aýagynda howa gämileriniň we goşmaça esgerleriň gelmegine taýýarlaýar diýip, bir ABŞ resmisi aýtdy.

XS
SM
MD
LG