Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada oppozision kandidatlaryň gadagan edilmegi sebäpli gahar-gazap bildirilýär


Oppozisiýa liderleri Moskwadaky protestçilere ýüzlenýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

Oppozisiýa liderleri Moskwadaky protestçilere ýüzlenýär

Resmiler garaşsyz kandidatlaryň käbirine gadaganlyk girizenden soň, rus oppozisiýa liderleri Moskwada azat we adalatly saýlawlary talap edip, müňlerçe adamy proteste çykardylar.

Ýerli saýlawlarda garaşsyz kandidatlara girizilen gadaganlyk syýasy protest hereketine täze bir janlanma getirene meňzeýär.

20-nji iýulda merkezi Moskwadaky ýygnanyşyga 20 müňden gowrak adam gatnaşdy, olar oppozisiýadaky kandidatlaryň sentýabrda şäher geňeşine geçiriljek saýlawlarda bäsleşige gatnaşdyrylmagyna rugsat berilmegini talap etdiler. Bu barada protest hereketine gatnaşygy yzarlaýan Ak sanawçy jemgyýetçilik topary habar berdi.

Polisiýa proteste gatnaşanlaryň sanyny 12 müň adam diýip görkezdi.

“Men 2012-nji ýyldan bäri meýle köp adamly ýygnanyşygy görmändim. Men onlarça müň moskwalynyň ümsüm oturman, kemsitmäni sessiz ýuwutman, protest bildirmäge çykandygyna hoşwagt boldum” diýip, oppozisiýa wekili Alekseý Nawalnyý twitterde ýazdy.

Nawalnyý Moskwada 2011-nji ýylyň aýagynda we 2012-nji ýylda, köpler tarapyndan galplaşdyrylan diýlen parlament saýlawlaryndan soň, bir topar proteste ýolbaşçylyk etdi.

Bu protestler rus prezidenti Wladimir Putin 1999-njy ýylda häkimiýeti ele alyp, soňky bilen raýat jemgyýetini basyp ýatyryp, gelýän birnäçe ýylda raýatlary susmaga mejbur edeli bäri iň uly protest hereketleri boldy.

XS
SM
MD
LG