Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda guralan goşa hüjümde sekiz adam öldürildi


Welaýatdaky hüjümler ýerli saýlawlardan bir gün soň guraldy.

Pakistanyň polisiýasy hüjümçileriň 21-nji iýulda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Khyber Pakhtunkhwa welaýatynda polisiýa stansiýasyny oka tutup, soňra ýaralylar getirtilýän wagtynda hassahananyň girelgesini partladyp, jemi sekiz adamy, şol sanda dört sany polisiýa ofiserini öldürendiklerini, 30 adamy ýaralandyklaryny aýdýar.

Etrap polisiýasynyň başlygy Salim Riaz Maşal radiosyna jeňçileriň motosikletli gelip, Kotla Siedan barlag nokadyndaky polisiýa ofiserlerini oka tutandyklaryny we iki ofiseri öldürendiklerini aýtdy.

Bu hüjümden soň janyndan geçen bir aýal bombaçy hassahananyň girelgesini nyşana aldy we ýene alty adamy, şol sanda iki polisiýa ofiserini öldürdi.

Saglyk resmileri ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny duýdurdylar. Pakistanyň “Talybany”, Tehrik-e-Taliban Pakistan guramasy hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG