Eýranyň döwlet telewideniýesi ýaragly adamlaryň Pakistan bilen serhediň golaýynda Yslamçy rewolýusiýa goragçylarynyň iki sanysyny öldürendigini we ýene ikisini ýaralandygyny aýdýar.
Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan we Bulujystan welaýatlary geçmişde sünni jeňçileri we neşe gaçakçylary bilen çaknyşyklar meýdanyna öwrüldi. Döwlet telewideniýesi 20-nji iýulda bolan hüjümde “terrorçylary” aýyplady, emma olaryň nähili terrorçydygyny anyklaşdyrmady.
Fewral aýynda “Al-Kaýda” bilen iltewli bir topar rewolýusiýa goragçylaryny alyp barýan awtobusy nyşana alyp,janyndan geçen bombaçynyň ulagyny partlatmagy netijesinde, olaryň azyndan 27-sini öldürdi.
Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy saýlama ýarym harby topar bolup, regulýar ýaragly güýçlerden hem uly hasaplanýar we göni ýokary lider aýatolla Ali Hameneýä garaşly bolup durýar.