Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diplomatlar Berdimuhamedowyň ölendigi baradaky habarlary ret edýärler


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ölendigi baradaky peýda bolan habarlar hakykata gabat gelmeýär. Bu barada Russiýanyň TASS habarlar gullugy Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna salgylanyp maglumat berdi.

“Bu düýbünden ýalan. Biz bu maglumatlary ret edýäris” diýip, rus habar gullugy türkmen ilçihanasynyň sözlerini getirýär.

Mundan öň, 62 ýaşly Berdimuhamedowyň ölendigi barada maglumatlar peýda bolup, olar rus we regional habar serişdelerinde, şeýle-de resmi bolmadyk kanallarda çap bolupdy.

20-nji iýulda türkmen prezidentiniň ýogalandygy barada Azatlyk Radiosyna hem maglumatlar gowuşypdy. Emma, köp sanly synanyşyklaryň netijesinde olary tassyklatmak başartmady.

Berdimuhamedowyň ölendigi baradaky habarlary Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy hem inkär etdi diýip, AKI press gullugy maglumat berýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň gijeki sanynda Berdimuhamedow bilen bagly wideo reportaz görkezildi. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi bu reportazyň mundan ençeme gün ozal, prezidentiň dynç alyşa çykan döwri surata düşürilendigini belleýär. Şeýle-de, ol paýtagt Aşgabatda ýagdaýlaryň adatdakysy ýaly dowam edýändigini habar berýär.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň dekabrynda ozalky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň häkimiýet başyna geldi. Munuň yzy bilen, ýurtda berk diktatura we Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty ornaşdyrylyp başlandy. Berdimuhamedowa “arkadag” diýen lakam hem berildi.

Şu ýylyň iýunynda Berdimuhamedow 62 ýaşady. Onuň doglan güni mynasybetli geçirilen çäreler geçen ýylkylardan tapawutlandy. Munuň bilen baglylykda, bu ýyl metjitlerde ýörite çäreler gurnalyp, olaryň dowamynda Berdimuhamedowyň jan-saglygyna doga edildi. Soňky döwür Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy barada maglumatlar peýda bolýar. Şeýle-de, ol dowamly köp wagtlyk döwlet kanallaryndan ýitirim bolýar.

Berdimuhamedow özüniň 37 ýaşly ogluny hem ýokary derejeli wezipelere belledi. Synçylar prezidentiň ogluny özüniň mirasdüşeri hökmünde taýýarlaýandygyny belleýärler. Geçen aý Serdar Berdimuhamedow Ahalyň häkimi wezipesine bellenildi.

XS
SM
MD
LG