Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Russiýada 69 sany özbek raýatynyň keselhana ýerleşdirilendigini aýdýar


Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Samara regionynda 69 sany özbek raýatynyň, şol sanda çaganyň iýmitden zäherlenmek alamatlary boýunça keselhana ýerleşdirilendigini aýdýar.

Ministrligiň 21-nji iýulda ýaýradan beýanatynda keselhana ýerleşdirilen özbekleriň üç sanysynyň saglyk ýagdaýynyň örän agyrdygy bellenilýär.

Özbek Daşary işler ministrligi adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi boýunça derňewleriň başladylandygyny aýtdy.

Beýanatda 19-njy iýulda Özbegistanyň Russiýadaky diplomatik missiýasynyň wekilleriniň keselhana ýerleşdirilen özbekleri baryp görendigi we bu ýagdaýy ýerli häkimiýetler bilen maslahat edendigi bellenilýär.

Mundan ozal, Russiýanyň Derňew komiteti ýurduň Samara regionyndaky Syzran etrabynda onlarça özbek raýatynyň iýmitden zäherlenmek alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilendigini we bu wakanyň 16-17-nji iýulda bolandygyny mälim edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG