Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky konferensiýada aýallaryň bir topary žurnalistlere hüjüm etdi


Gazagystanda AÝ/AR-nyň žurnalistlerine hüjüm edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:26 0:00

Gazagystanda AÝ/AR-nyň žurnalistlerine hüjüm edildi

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň guramalaşdyran habar konferensiýasy barada maglumat taýýarlaýan žurnalistlere aýallaryň bir topary tarapyndan hüjüm edildi.

Utgaşykly guramalaşdyrylan ýaly bolup görünýän hüjümde gowy türgenleşdirilen, fiziki taýdan güýçli görünýän ortaça 20 sany aýal 22-nji iýulda Gazagystanyň Adam hukuklary býurosynyň baş edarasynda geçirilen metbugat konferensiýasyna kürsäp girdi.

Bu konferensiýada adam hukuklaryny gorap çykyş edýän hökümete degişli bolmadyk gurama Gazagystanda gadagan edilen oppozision toparyň agzasy bolmakda güman edilip, türmä basylan üç aýalyň ykbalyna ünsi çekmäge synanyşýardy.

Hüjümçiler žurnalistleri urup-ýenjip, olaryň enjamlaryny döwüp-ýenjende, rus dilinde “wideo düşürmäň” diýip gygyrdylar.

Wakada hüjüme sezewar bolan žurnalistleriň arasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR), hususy eýeçilikdäki Almaty TV tele-ýaýlymynyň we hususy eýeçilikdäki KazTAG habar agentliginiň habarçylary we operatorlary bardy.

Wakada AÝ/AR-nyň habarçysy Nurgul Tapaýewa urlup-ýenjildi we AÝ/AR-nyň operatory Tokmolda Kusainowyň enjamlaryna zeper ýetirildi.

XS
SM
MD
LG