Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus LGBT aktiwisti öýüniň golaýynda öli tapyldy


Ýelena Grigorýewa
Ýelena Grigorýewa

Russiýanyň iň uly ikinji şäheri Sankt-Peterburgda LGBT jemgyýetiniň hukuklaryny gorap çykyş edýän Ýelena Grigorýewa öldürildi diýip, “Fontanka” ýerli online gazeti polisiýa salgylanyp habar berdi.

Ol 20-nji iýulda öýüniň golaýynda öli tapyldy, onuň bedeniniň ençeme ýerinde pyçagyň ýara yzlary bardy we ol bogulan ýaly bolup görünýär diýip, “Fontanka” online gazeti, şeýle-de oppozision aktiwist Dinar Idrisowyň Facebookda çap eden maglumatynda we Russiýanyň LGBT jemgyýeti habar berýär.

Idrisow Grigorýewa ençeme gezek haýbat atylandygyny aýtdy.

Grigorýewa LGBT jemgyýetini gorap çykyş etmekden başga-da, Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine hem garşylyk görkezipdi, şeýle-de syýasy tussaglary goldap geçirilen ýörişlere gatnaşypdy.

“Soňky döwürde ol ýowuzlyklary yzygiderli pidasy bolupdy we oňa ölüm haýbatlary atylypdy” diýip, Idrisow aýtdy. Onuň sözlerine görä, Grigorýewa “ýowuzlyklar we haýbatlar boýunça polisiýa şikaýat bilen ýüzlendi, emma muňa hiç hili reaksiýa bolmady”.

XS
SM
MD
LG