Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Sibir regionynda tokaý ýangyny döredi


Tokaý ýangyny

Russiýanyň Krasnoýarsk, Irkutsk, Ýakutiýa, Ýamal we Burýatiýa regionlarynda 170 müň gektara golaý tokaý zolagynyň ot alýandygyny, TASS habarlar agentligi Tokaýy howadan goramak gullugyna salgylanyp habar berdi.

“The Siberian Times” neşiri “Rospotrebnadzor” döwlet edarasyna salgylanyp, howadaky gigiýena standartlarynyň bolmaly normadan 1,2 - 2,3 esse geçendigini aýdýar.

171 ýerde dörän ýangyny öçürmek işlerine 2 müňden gowrak adam we tehniki serişdeleriň 303 sany birleşigi gatnaşýar.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 17600 gektar ýerde 35 sany ýangyn nokady öçürildi.

Krasnoýarsk regionynyň häkimi ýangynlaryň aglabasynyň döremegine ýyldyrymyň çakmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG