Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada onlarça çaga suw çüwdüriminde suwa düşenden soňra gyssagly keselhana alnyp baryldy


Habarowsk şäheri

23-nji iýulda Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde onlarça çaga şäheriň suw çüwdüriminde suwa düşenden soňra gyssagly ýerli hassahana alnyp baryldy.

Habarowsk Kraý regionynyň häkimlik wekilleriniň 24-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, dürli ýaşdaky 37 çaganyň ýüregi bulaşyp, garnynda güýçli agyrylar emele geldi.

Resmiler 19 çaganyň keselhanada, galan 18 sanysynyň öýünde saglyk bejergisini alýandygyny belleýärler.

Çagalara “norowirus" bilen zäherlenendigi barada diagnoz goýuldy. Bu wirus suw çüwdüriminiň içinde hem tapyldy. Käte “gaýtardýan möjek” diýlip hem atlandyrylýan “norowirus” garyn boşlugynda näsazlyklaryň emele gelmegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň biri hasaplanýar.

Gürrüňi edilýän suw çüwdürimi dezinfeksiýa çäreleriniň geçirilmegi üçin ýapyldy. Waka boýunça derňew işleri başladyldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG