Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da üç rumynýaly $21 milliona barabar galplykda türme tussaglygyna höküm edildi


ABŞ-nyň Adalat departamenti

Birleşen Ştatlarda Rumynýadan üç adam $21 milliondan gowrak pul serişdesine barabar galplykda aýyplanyp, degişlilikde dört ýyldan sekiz ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu topar müňlerçe adama “phishing” hatlaryny ulanmak arkaly Rumynýadan Birleşen Ştatlaryň kompýuterlerini döwüp açdy we raýatlaryň sosial ätiýaçlandyryş belgilerini hem-de arka hasap maglumatlaryny ogurlady diýip, ABŞ-nyň Adalat departamenti özüniň 23-nji iýulda ýaýradan habarynda aýtdy.

“Phishing” hatlary – köplenç internet ulanyjylaryň maglumatlaryny, şol sanda kredit kartlarynyň belgilerini ogurlamak üçin ulanylýan sosial inženerçilik hüjümleriň bir görnüşidir.

Türme tussaglygyna höküm edilen adamlar Teodor Costea, Robert Dumitrescu we Cosmin Draghici bolup, olar Rumynýanyň Ploiesti sebitindendir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG