Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ferma işgärlerini 50 gradus jokrama yssyda awtobusda gabap goýan raýon milisiýasynyň ýolbaşçysynyň garşysyna barlag işi başlandy


Wideodan bir kadr
Wideodan bir kadr

Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýatynyň Kasbi raýonynyň içeri işler bölüminiň ýolbaşçysy Çori Kuçarowyň bikanun buýrugy bilen milisiýa işgärleriniň ondan gowak ferma işgäriniň ellerine demir gandal urup, 50 gradus yssyda içi dymyk awtobusda gabap goýandygy barada, gulluk barlaglary geçirilýär. Welaýatyň içeri işler bölümi bolan wakany Azatlyga tassyklady. Jepa çeken käbir fermerleriň maglumatyna görä, raýon milisiýasynyň işgärleri olardan bu fakty ýalana çykarýan dilhaty alypdyr.

Ýatlatsak, 20-nji iýulda Azatlyk Radiosynda Kaşgaderýa welaýatynyň Kasbi raýonynyň içeri işler bölüminiň ýolbaşçysy Çori Kuçarowyň buýrugy bilen ondan gowrak fermeri hem suwçulary iki sagatlap dymyk awtobusda gabap saklandygy barada habar berlipdi. Ol bu jezany suwuň köp bölegini gowaçanyň ikinji suwuna harç etmeýändikleri üçin “oýlap” tapypdyr.

Kaşgaderýada polisiýa ýolbaşçysy fermerleri iki sagatlap dymyk awtobusda gabady
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:31 0:00

Häzirki wagtda şol fakt esasynda gulluk barlagy başlanypdyr.

Çori Kuçarowyň orunbasary Oýbek Safarow bolan waka barada kommentariýa bermäge hukugynyň ýokdugyny aýdyp, Azatlyk bilen gepleşmekden saklandy, ol habarçymyza Kaşgaderýa welaýatynyň içeri işler bölümine ýüz tutmagy maslahat berdi.

Welaýat milisiýasynyň özüni tanatmadyk wekili bolan ýagdaý barada gulluk barlagynyň başlanandygyny tassyklady, ýöne munuň takyklygy barada hiç zat aýtmady.

– Ähli takyklyk soň mälim ediler – diýip, ol sözüne goşdy.

Kasbi raýon içeri işler bölüminiň başlygynyň buýrugy bilen awtobusda gabalyp jeza berlenlerden biri, «Juraýew Ekýor» ferma hojalygynyň 64 ýaşly traktorçysy Israil Juraýew Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi. Ol 14-nji iýulda başga işlerini taşlap, öz başlygy bilen birlikde agrar işleri baradaky seminara gitmeli bolupdyr, ahyrynda bolsa dymyk awtobusyň içinde gabalyp saklanypdyr.

– Bolan wakadan soň men üç sany düşündiriş ýazmaly boldum. Maňa raýon milisiýa bölümi ýüz tutdy, welaýat uprawleniýesinden ýörite inspeksiýa geldi. Olar menden seminar geçen güni bolan ýagdaý barada düşündiriş ýazmagymy haýyş etdiler. Bolan ýagdaýy bolşy ýaly ýazmagymy soradylar. Meni hem beýleki 11 adamy dymyk awtobusyň içinde eli gandally gabap sakladylar. Bu maňa örän agyr degdi, sebäbi men traktorçy, soňky 16 ýylyň içinde ekin meýdanyndan çykmandym. Ol gün men bar iş-aladamy taşlap, ýapyk awtobusda oturmaly boldum. Meniň pikirimçe, her bir adam, şol sanda raýon milisiýa bölüminiň başlygy hem öz işi bilen bolmaly – diýip, ol traktorçy aýdýar.

«Nowot Niýoz» fermasynyň ýolbaşçysy, 56 ýaşyndaky Akramjon Nowotowyň aýtmagyna görä, Kaşgaderýadan bolan fermerleri hem suwçulary jokrama yssyda, awtobusda gabap saklaýarlar. Sebäbi suwuň köp bölegi gowaçany suwarmaga harç edilmelimiş. Azatlyk Radiosynda informasiýa peýda bolansoň, raýon milisiýa bölüminiň orunbasary Oýbek Safarow beýle işiň bolandygyny “ýok etmek” isläpdir.

– Men dymyk awtobusa gabalan fermerler, suwçular hem ferma hojalygyny dolandyrýanlar bilen gepleşdim, raýon milisiýasynyň başlygynyň orunbasary olary öňki beren görkezmelerinden ýüz öwürmäge yrjak bolupdyr. Olaryň ellerine hiç kimiň gandal urmandygyny, awtobusda örän az wagt oturandyklaryny aýtdyrmaga çalşypdyr. Jepa çekenleriň käbiri onuň ündewi bilen ylalaşypdyr, beýlekileri bolsa ylalaşmandyr. Häzir ýerli hökümet ol işi “çalt ýapmak” üçin,jepa çekenlerden položitel düşündiriş almaga çalyşýar – diýip, ferma hojalygynyň ýolbaşçysy Akramjon Nowotow aýdýar.

Ýatlatsak, fermerleriň garşysyna edilen kemsidiji hereketleriň bolandygyny ýaşyrmak üçin basyş edýändigini Azatlyk Radiosy öň habar beripdi.

Bu surat özbek sosial ulgamlarynda peýda bolanda, ony ulanyjylaryň arasynda güýçli nägilelik döretdi.
Bu surat özbek sosial ulgamlarynda peýda bolanda, ony ulanyjylaryň arasynda güýçli nägilelik döretdi.

Ýatlatsak, geçen ýyl sosial ulgamlarda suwly ýabyň içinde duran adamlaryň suraty peýda bolupdy. Soňra bularyň Daşkent welaýatynyň fermerleridigi belli boldy. Şeýle etmek bilen ýerli häkimiýet bugdaý meýdanlarynyň suwarylmandygy üçin olary jezalandyrypdyr.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG