Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Eýranyň liderleriniň ýetiren ‘zyýanyny” düşündirmek üçin Tährana ‘höwes’ bilen gitjegini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo özüniň Tährana baryp, Eýranyň halkyna olaryň liderleriniň hereketleriniň öz ýurtlaryna nähili “zyýan” getirendigini düşündirmek isleýändigini aýtdy.

“Hawa, eger şeýle çakylyk bolsa, men ol ýere höwes bilen giderin” diýip, Pompeo 25-nji iýulda Bloomberg telewideniýesi bilen giňişleýin söhbetdeşlikde aýtdy. Ol bu söhbetde Demirgazyk Koreýa krizisi, Türkiýäniň Orsýetden raketa gorag ulgamyny satyn almagy bilen emele gelen ýagdaý barada hem durup geçdi.

“Wagyz etmek üçin däl, eýran halkynaolaryň ýolbaşçylarynyň eden işleri we Eýrana ýetiren zyýanlary hakynda hakykaty aýtmak üçin [Tährana] giderdim” diýip, ol aýtdy.

Pompeo Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň BMG-niň mejlislerine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gelende, köplenç amerikan halky bilen gürleşmek mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan,Pompeo Zarifiň Eýrandaky syýasy meselelere täsiriniň ýokdugyny, onuň bu işleri ýokary lider aýatolla Ali Hameneýä we Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusyna goýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG