Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada tüpeňlenen belarus diplomatynyň ýagdaýy agyr bolmagynda galýar  


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu

Belarusyň Daşary işler ministrligi paýtagt Ankarada türk raýaty tarapyndan tüpeňlenen belarus diplomatynyň ýerli hassahanada operasiýa edilendigini, emma ýagdaýynyň agyr bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Anatol Hlazyň sözçüsi 25-nji iýulda Azatlyk radiosyna lukmanlaryň Belarusyň Ankaradaky ilçihanasynyň geňeşçisi Alýaksandr Pahanşaua edilen operasiýa “üstünlikli” boldy diýendiklerini, emma onuň intensiw bejeriş bölüminde galýandygyny aýtdy.

Pahanşau 24-nji iýulda giçlik ýöräp, ogly bilen öýüne baýrýan wagtynda birnäçe gezek tüpeňlendi. Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Pahanşau operasiýa edilenden soň, diplomata goňşusynyň, pensiýa çykan harby ofiseriň hüjüm edendigini, onuň Pahanşau bilen şahsy dawasynyň bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň metbugat habarlarynda hüjümçiniň ruhy hassalyk meselesiniň bolandygy we bu hadysadan soň özüni öldürendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG