Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Türkiýäniň Orsýetden alnan S-400 raketa gorag ulgamyny aprelde ulanyp başlajagyny aýdýar


Orsýetiň S-400 raketa gorag ulgamy.
Orsýetiň S-400 raketa gorag ulgamy.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan 26-njy iýulda Türkiýäniň Orsýetden alnan S-400 raketa gorag ulgamyny aprelde ulanyp başlamagy planlaşdyrýandygyny tekrarlady.

"Gelýän ýazda, hudaý halasa 2020-nji ýylyň aprelinde biz bu ulgamy ulanar ýaly bolarys” diýip, Erdogan Ankarada, Adalat we galkynyş partiýasynyň ýygnanyşygynda aýtdy.

ABŞ-nyň we NATO-nyň resmileri Türkiýäniň Orsýetde öndürilen S-400 raketa goragy ulgamyny satyn almagyna uzak wagt garşy durdy. Olar onuň ýaranlygyň harby ulgamlary bilen bir ýere sygmaýandygyny we Günbataryň ulanýan täze F-35 söweş uçarlaryna wehim salýandygyny aýtdylar.

Orsýet S-400 ulgamynyň böleklerini Türkiýä şu aýda eltip başlady, Waşington bu çärä Türkiýäni öz F-35 söweş uçary programmasyndan çykarmak bilen jogap berdi.

Erdogan, eger ABŞ öz söweş uçarlaryny satmasa, Türkiýäniň bu hili uçarlary başgalardan aljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG