Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze tapylan dokumentler 1933-nji ýylda Reýhstagyň otlanmagyna aýdyňlyk getirip biler


Reýhstagyň 1945-nji ýyldaky görnüşi.
Reýhstagyň 1945-nji ýyldaky görnüşi.

Täze tapylan german dokumentleri 20-nji asyryň iň bir ýakymsyz wakalarynyň birine – Berlindäki Reýhstag binasynyň otlanmagyna aýdyňlyk getirip biler.

Germaniýanyň habar neşirleri 26-njy iýulda Hannower şäheriniň sudunyň arhiwlerinden täze şaýat görkezmeleriniň tapylandygyny habar berdi. Sud dokumentleriň asyl nusgadygyny tassyk etdi.

Adolf Hitler 1933-nji ýyldaky ýangyny kommunistleriň dil düwüşmesi hökmünde ulandy we bu hadysany hakykatda konstitusiýanyň hereketini togtamak we öz diktatorlygyna ýol arçamak üçin peýdalandy.

Täze tapylan dokumentde nasistleriň harbylaşdyrylan Sturmabteilung guramasynyň agzasy özüniň ýangyn bolan gijesinde golland kommunisti Marinus van der Lubbeni maşynly Reýhstaga eltendigini gürrüň berýär.

Onuň görkezmesinde aýdylmagyna görä, Hans-Martin Lennings diýlip tanadylan şaýat we onuň kärdeşleri van der Lubbe bilen wakanyň bolan ýerine gelende, olar “ýanygyň del ysyny alýarlar we ol ýerdäki otaglaryň içinden burugsap çykýan tüsse buludyny görýärler".

Bu ýangynyň olar şol ýere gelmezinden öň başlandygyny açyk-aýdyň edýär. Gollandiýada doglan Van der Lubbe bu ýangynda günäkär diýip yglan edilýär we soňra nasistler tarapyndan jezalandyrylyp öldürilýär.

XS
SM
MD
LG