Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” hökümet bilen jeňçi toparyň arasynda göni gepleşikleriň geçiriljegini ret edýär


Moskwa, "Talyban" delegasiýasynyň agzalary. 30-njy maý, 2019.
Moskwa, "Talyban" delegasiýasynyň agzalary. 30-njy maý, 2019.

“Talyban” owgan ministriniň şu aýda Kabuldaky hökümet bilen jeňçi toparyň arasynda geçirilmekçi bolýan göni gepleşikler baradaky beýanatyny ret etdi.

Suhail Şaheen, “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň sözçüsi 28-nji iýulda hökümet bilen gepleşikleriň diňe Birleşen Ştatlar bilen daşary ýurtly güýçleriň Owganystandan çykmagy barada ylalaşyga gelnenden soň boljakdygyny aýtdy.

“Talybanyň” ýene bir sözçüsi Zabihullah Mujahid bolsa, hökümet resmileri bilen gozgalaňçy toparyň arasynda duşuşyk hakynda “ylalaşyk bolmandygyny” aýtdy.

Haçanda pitneçi topar Birleşen Ştatlar bilen ylalaşyga gelse, “Talyban” içerki owgan gepleşiklerine açyk bolar diýip, Mujahid aýtdy we hökümet wekilleriniň islendiginiň olara öz şahsy ýagdaýynda gatnaşmalydygyny nygtady.

Bu sözler Owganystanyň parahatçylyk meseleleri boýunça döwlet ministri Abdul Salam Rahiminiň bir gün ozal žurnalistlere aýdan sözlerine jogap hökmünde aýdyldy. Ol owgan hökümetiniň 15 agzaly delegasiýasynyň “Talyban” bilen göni gepleşiklere taýýarlanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG