Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada “Boko Haram” jeňçileri bolmakda öýdülýänler 65 adamy öldürdi


Ýerli medianyň 28-nji iýulda beren maglumatyna görä, hüjümiň ýüze çykan pursady adamlar jynaza çäresinden dolanyp gelýän ekenler.
Ýerli medianyň 28-nji iýulda beren maglumatyna görä, hüjümiň ýüze çykan pursady adamlar jynaza çäresinden dolanyp gelýän ekenler.

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky bir obada “Boko Haram” ekstremistiki toparynyň jeňçileri bolmakda öýdülýänleriň hüjümi netijesinde azyndan 65 adam öldi.

Ýerli medianyň 28-nji iýulda beren maglumatyna görä, hüjümiň ýüze çykan pursady adamlar jynaza çäresinden dolanyp gelýän ekenler.

27-nji iýulda amala aşyrylan hüjümde başga-da köp sanly adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Nganzainiň geňeş başlygy Muhammad Bulamanyň “Reuters” agentligine aýtmagyna görä, bu şu ýylyň hasabyna Borno sebitde amala aşyrylan iň ganly hüjüm bolupdyr.

Bulama ok atyşykda 11 ekstremistiň öldürilendigini hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG