Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň ýerleşdirilen keselhanasynyň daşynda ýygnanan adamlar dargadyldy, žurnalist tussag edildi


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Moskwada polisiýa rus oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalna bejergi berilýän türme keselhanasynyň daşyna ýygnanan 20-ä golaý adamy dargatdy we bir žurnalisti saklady.

Nawalnynyň şahsy lukmany onuň saglyk ýagdaýynyň “aýdyňlaşdyrylmadyk himiki maddanyň” täsiri sebäpli ýaramazlaşan bolmagynyň mümkindiginiň aýtdy.

Twitterde ýerleşdirilen wideo ýazgyda, polisiýanyň keselhananyň daşyna ýygnan adamlary dargadýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Keselhananyň daşynda waka barada janly efirde maglumat beren Dožd internet telewideniýesiniň žurnalisti hem tussag edildi.

Nawalnynyň lukmany Anastasiýa Wasilýewa onuň metbugat wekili Kira Ýarmyşyň aýdyşy ýaly “allergiýadan” ejir çekýändigi baradaky maglumata ynanmaýandygyny belläp, özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

Wasilýewa we kardiolog Ýaroslaw Aşikhmin 28-nji iýulda giçlik gapydaky deşik arkaly Nawalny bilen gürleşip bildiler. Wasilýewa Kremliň tankytçysynyň zäherlenendigi baradaky ähtimallygy hem aradan aýyrmaýandygyny belledi.

Ýarmyş özüniň Twitter hasabynda Nawalnynyň “ýüzüniň çişmesi we teninde gyzyl tegmilleriň çykmagy” sebäpli, keselhana geçirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG