Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Irutsk regionyndan, agyr ýagynlar sebäpli, müňe golaý adam ewakuasiýa edildi


Suw joşmasy sebitiň 11 müň töweregine jaýyna we 43 müňe golaý ilatyna täsir ýetirdi diýip, TASS gullugy habar berýär.
Suw joşmasy sebitiň 11 müň töweregine jaýyna we 43 müňe golaý ilatyna täsir ýetirdi diýip, TASS gullugy habar berýär.

Russiýanyň Irkutsk regionyndan, agyr ýagynlar sebäpli, müňden hem aşa adam ewakuasiýa edildi.

29-njy iýulda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň ýerli edarasynyň beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň sebitiň alty etrabyny suw basypdyr.

“Umumy hasap bilen 1 müň 76 adam, şol sanda 615 çaga ewakuasiýa edildi” diýip, beýanatda aýdylýar.

Suw joşmasy iýunyň aýaklarynda başlap, ol sebitiň 11 müň töweregine jaýyna we 43 müňe golaý ilatyna täsir ýetirdi diýip, TASS gullugy habar berýär.

Soňky maglumatlara görä, suw joşmasynyň netijesinde 25 adam ölüpdir.

XS
SM
MD
LG