Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Sibirde tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Russiýanyň Irkutsk regionyndaky tokaý ýangyny. 27-nji maý, 2019 ý.
Russiýanyň Irkutsk regionyndaky tokaý ýangyny. 27-nji maý, 2019 ý.

Russiýa ýurduň Krasnoýarsk Kraý we Irkutsk regionyndaky tokaý ýangynlary bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinden hem has uly territoriýany tüsse gurşap aldy.

Arktikanyň käbir böleklerinde, hususan-da, Sibirde 3 million gektara golaý territoriýany ot alýar we bu Uzak Gündogara tarap ýaýraýar diýip, “The Siberian Times” neşiri ýazýar.

Adatdan daşary ýagdaý yglan edilen territoriýalar Krasnodar Kraýy we Burýatiýa respublikasyny hem belli bir derejede öz içine alýar.

Ekologiýany gorap çykyş edýän “Greenpeace” guramasynyň Russiýadaky bölümi ýangynlaryň “Sibiriň we Uzak Gündogar regionynyň ýerli problemasy bolmagy eýýäm köp wagt ozal bes edendigini we munuň tutuş ýurt boýunça ekologiýa betbagtçylygyna öwrülendigini” aýtdy.

Sebitde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi Irkutsk regionyna gelen siliň yz ýanyna gabat geldi. 29-njy iýulda bu regiondan 1000-den gowrak adam ewakuasiýa edildi. Russiýanyň Uzak Gündogarynda ýerleşýän Amur regionyndaky uly sil joşgunynda hem 2000 çemesi adam ewakuasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG