Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda harby uçaryň ýaşaýyş sebitine gaçmagy netijesinde azyndan 18 adam öldi


Pakistanyň halas ediş gullugynyň işgärleri wakada heläk bolanlary alyp barýarlar.
Pakistanyň halas ediş gullugynyň işgärleri wakada heläk bolanlary alyp barýarlar.

Pakistanyň garnizon şäheri Rawalpindiniň golaýynda bir kiçi harby uçaryň ýaşaýyş sebitine gaçmagy netijesinde azyndan 18 adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Pakistanyň harbylarynyň ýaýradan beýanatynda 30-njy iýulda bolan heläkçilikde uçaryň bäş ekipaž agzasynyň, şol sanda iki pilotyň aradan çykandygy hem bellenilýär.

Pakistanyň halas ediş gullugynyň resmisi Faruk Buttyň sözlerine görä, wakada parahat ilatdan 13 adam, şol sanda çagalar hem heläk boldy we başga-da azyndan 12 adam ýaralandy. Ýaralananlaryň käbiriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy hem bellenilýär.

Uçar adaty harby-tälim türgenleşik uçuşyny amala aşyrýan mahalynda, daňdan wagty Mora Kalu obasyna gaçdy we ot aldy. Ýangyn azyndan üç ýaşaýyş jaýyna ýaýrady.

Uçaryň modeli we heläkçilige nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe jikme-jik maglumat berilmeýär.

Yslamabadyň golaýyndaky Rawalpindi şäherinde Pakistanyň harbylarynyň baş edarasy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG