Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Owganystanda ýol ýakasynda goýlan bomba onlarça awtobus ýolagçysyny öldürdi we ýaralady 


Hyratdaky hassahana eltilen ýaraly. 31-nji iýul, 2019 ý.
Hyratdaky hassahana eltilen ýaraly. 31-nji iýul, 2019 ý.

Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda ýol ýakasynda partlan bomba ýolagçy awtobusynda azyndan 35 sany asuda adamyň öldürilmegine, 27 adamyň bolsa ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, resmiler aýtdylar.

Welaýat polisiýasynyň başlygynyň sözçüsi Mohibullah Mohib Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna bu hadysanyň Kandahar-Hyrat arasyndaky uly ýoldan gatnaýan ýolagçy awtobusy 31-nji iýulda irden Ab Khorma töweregine gelende bolandygyny aýtdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan jeňçi topar tapylmady, emma Mohib “Talybany” günäläp, jeňçi toparyň ol bombany owgan hökümet we daşary ýurt howpsuzlyk güýçlerini nyşana almak üçin goýandygyny aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid bu aýdylýany ret etdi we pitneçi toparyň ol hadysanyň bolan ýerinde hiç bir mina goýmandygyny aýtdy.

Mohib bu hadysada wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň köpüsiniň aýallardan we çagalardan ybarat bolandygyny, “Tiz kömek” maşynlarynyň pidalary Farah we Hyrat welaýatlarynyň hassahanalaryna alyp gidendigini aýtdy.

30-njy iýulda çap edilen hasabata görä, BMG-niň Owganystandaky kömek missiýasy Owganystandaky konfliktiň çäklerinde siwil, ýagny harby däl adamlaryň “aňk ediji” derejede öldürilýändigini we ýaralanýandygyny aýtdy.

2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ejir çekenleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende rekord derejede, 27% azaldy.

Emma muňa garamazdan,bu döwürde 1,366 siwil adam öldürildi,2,446 sany asuda adam bolsa ýaralandy diýip, BMG-niň Owganystandaky kömek missiýasy aýtdy.

Bu gandöküşlik ABŞ-nyň Owganystanda 18 ýyla golaýlan konflikti soňlamak üçin “Talyban” bilen ylalaşyk baglaşylmagyna aýlap itergi berýän we ýurduň 28-nji sentýabra bellenilen prezident saýlawlaryna taýýarlanýan wagtynda boldy.

Jeňçi topar Owganystanyň topragynyň ýarysyna golaý ýere kontrollyk edýär ýa-da gözegçilik etmäge çalyşýar.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurt güýçleri 2001-nji ýylda häkimiýetden çetleşdireli bäri “Talyban” entek bir gezegem beýle kän territoriýa erk etmändi.

XS
SM
MD
LG