Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlarynyň sanyny azaltjakdygy habar berilýär


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halylzad töwerekleýin parahatçylyk ylalaşygynda dört sany esasy aspektiň bardygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlar Owganystandaky goşunlarynyň möçberini düýpli kemeltmäge taýýar we bu ýagdaý “Talyban” bilen günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň arasyndaky göni gepleşiklere itergi berer diýip, amerikan mediasy 1-nji awgustda habar berdi.

“The Washington Post”, CNN we dpa habar agentlikleri bu ýurtdaky esgerleriň sanynyň, Owganystanda iki onýyllyga golaýlan urşy soňlamak üçin baglaşyljak parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde, 14 müňden 8-9 müňe çenli azaldyljakdygyny habar berýär.

“Talyban” jeňçi topary, “gurjak režimi” atlandyrmak bilen, şu wagta çenli Kabuldaky hökümet bilen gepleşmekden ýüz öwrüp geldi.

CNN-niň maglumatyna görä, goşunlaryň möçberini azaltmakdan başga, ABŞ-nyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň işgärleri we howpsuzlyk işgärleri hem azaldylar.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halylzad 31-nji iýulda AÝ/AR bilen gürleşip, töwerekleýin parahatçylyk ylalaşygynda dört sany esasy aspektiň bardygyny aýtdy: Daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagy, “Talybanyň” terror hüjümleriniň öňüni almagy kepillendirmegi, syýasy çözgüde getirjek içerki owgan dialogy, hemişelik ýaraşyk.

Ol ýagdaýyň çylşyrymlydygyny boýun alyp, “ähli zat ylalaşylýança hiç bir zadyň ylalaşylmajagyny” nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG