Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Täjigistanyň meşhur habar saýty petiklendi


“Asia-Plus” websaýtynyň redaktory Zebo Tojiboýewa
“Asia-Plus” websaýtynyň redaktory Zebo Tojiboýewa

Täjigistandaky meşhur habar saýty “Asia-Plus” Orsýtede petiklendi, Täjigistanda bolsa ony zordan görüp bolýar.

Websaýtyň redaktory Zebo Tojiboýewa 2-nji awgustda AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde Orsýetiň MEdia gözegçiligi guramasy Roskomnadzoryň bu saýty 26-njy iýulda petikländigini aýtdy.

Tojiboýewa Roskomnadzoryň “Asia-Plus” neşirine geçen ýyl Täjigistanyň demirgazygyndaky Sughd regionynda öz janyna kast eden ýaş zenan barada berlen habar hakyndaky soraglar bilen elektron poçta arkaly hat iberendigini aýtdy. Ol hatda çap edilen habarda “adamyň janyna kast etmegi babatda wagyz alamatlarynyň” bolandygy aýdylýar.

"Roskomnadzoryň bu hatyndan soň biz öz saýtymyzdaky makalany aýyrdyk, emma saýt eýýäm petiklenipdi.... Biz petiklenme şu hat bilen bagly diýip pikir edýäris. Ýöne munuň başga sebäpleriniň hem bolmagy mümkin” diýip,Tojiboýewa aýtdy.

AÝ/AR-nyň merkezi aziýa ýurdunyň içindäki habarçylarynyň maglumatyna görä, bu saýta Täjigistanyň içindäki elýeterlilik hem çäklendirildi.

1996-njy ýylyň aprelinden bäri işleýän “Asia-Plus” Täjigistanyň öňdebaryjy internet websaýty bolup, täjik, rus we iňlis dillerinde habar çap edýär.

XS
SM
MD
LG