Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany aýallara has kän hukuk berýän kanunlary kabul edýär


Saudly aktiwist Aziza al-Ýousef telefonyny barlaýar. Arhiw suraty

Saud Arabystany aýallara has kän hukuk berýän, şol sanda olaryň ýany erkek adamsyz syýahat etmegine hukuk berýän kanunlary kabul etdi.

Bu üýtgeşiklik patyşalygyň resmi hepdelik gazetinde, 2-nji awgustda çap edildi. Mundan öň, uzaga çeken gampa-garşylykly syýasat astynda,ýurtda aýallaryň syýahat etmegine erkek hossarynyň rugsat bermegiýa-da aýallaryň pasport götermegi talap edilýärdi.

Täze kanun aýallara resmi maşgala dokumentleriniň berilmegi üçin nikany, aýrylyşmagy ýa-da çaganyň doglandygynyhasaba aldyrmak mümkinçiliklerini berýär.

Saudlylaryň köpüsi bu üýtgeşiklige begense, beýlekileri oňa tankydy garaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG