Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ýarag ammarynyň partlamasyndan ölenleriň sany dörde ýetdi


Arysdaky hassahananyň işigi. 18-nji iýul, 2019.

Iýun aýynda Gazagystanyň harby ýarag ammarynda turan ýangyn esasynda dörän tapgyrlaýyn partlamalar netijesinde wepat bolanlaryň sany dört adama ýetdi.

Sekiz ýaşyndaky Aýan Şaripbaýew Nur-Soltandaky hassahanada öldi, ol Arys şäheriniň ýaşaýjylary ewakuasiýa edilýän wagtynda agyr ýaralanypdy.

Oglanyň kakasy Erbol Şaripbaýew we hassahana işgärleriniň biri AÝ/AR-a onuň 2-nji awgustda, huşuna gelmän ýatyrka ölendigini aýtdy.

Gazak resmileri mundan öň bu parlamalardan bir asuda adamyň we iki harbynyň ýogalandygyny aýdypdylar.

Partlamalar 24-nji iýunda, Arysdaky ýarag ammarynda turan ýangyndan başlandy we dört günläp dowam etdi. Şäheriň 35 müň çemesi ýaşaýjysy öýlerinden gaçdy we birnäçe gün soňra, häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrandan soň öýlerine dolandy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG