Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katarda gepleşikler dowam etdirilýär, ABŞ-nyň wekili “Talyban” bilen ‘gowy ylalaşyk’ baglaşmaga taýýar


ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň parahatçylyk wekili, Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamak üçin gepleşik geçirýän ilçi Waşingtonyň “Talyban” bilen “gowy ylalaşyga” gol çekmäge taýýardygyny aýdýar.

Zalmaý Halilzadyň bu sözleri ABŞ-nyň we “Talybanyň” gepleşikçileriniň 3-nji awgustda, parahatçylyk gepleşikleriniň sekizinji tapgyryny geçirmek üçin Kataryň paýtagty Dohada toplanan wagtynda aýdyldy.

ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyk daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagy bilen, “Talybanyň” terrorçy toparlara penakär bolmazlygy kepillendirmegine esaslanýar.Bu ylalaşyk owganara parahatçylyk gepleşiklerine, syýasy utgaşdyrma we hemişelik ýaraşyga ýol açmaly.

"Talyban” ylalaşyk baglaşmak isleýändigini yşarat edýär” diýip, Halilzad 2-nji awgustda twitterde ýazdy. “Biz gowy ylalaşyk üçin taýýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Owganlaryň köpüsi daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagy özleriniň jeňçi topar bilen aradaky gepleşik pozisiýalaryny gowşadar öýdüp howatyrlanýar.

“Talyban” Owganystandaky saýlanan hökümeti Günbataryň gurjaklary hökmünde ret edýär we Yslamçy emiraty gaýtadan gurmagy maksat edinýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp kömekçilerine Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky goşunlarynyň ählisiniň 2020-nji ýylyň noýabryndaky prezident saýlawlaryndan öň ol ýerden çykarylmagyny isleýändigini aýtdy diýip, habar agentlikleri ady aýdylmadyk öňki we häzirki adminstrasiýa resmilerine salgylanyp habar berdiler.

Şu aralykda, 2-nji awgustda “Talybanyň” barlag nokatlaryna eden hüjümleri netijesinde, owgan polisiýasynyň azyndan 10 ofiseri öldürildi.

XS
SM
MD
LG