Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Intriga gyzýar, Zelenskiý prezident diwanynyň başlygynyň işden çekilmegine razy bolmady


Andriý Bohdan
Andriý Bohdan

Ukrain prezidenti Wolodimir Zelenskiý öz prezident adminstrasiýasynyň başlygy Andriý Bohdanyň wezipä girişenine iki bolandan soň işden çekilmek barada arza berendigini tassyk etdi, emma oňa gol çekmändigini aýtdy.

Zelenskiý bu beýanaty 2-nji awgustda, Ukrainanyň günbatar şäheri Iwano-Frankiwskde žurnalistler bilen gürleşende etdi.

Ukrainanyň “Interfaks” habar agentligi işden çekilmek baradaky arzanyň berlendigi barada şondan bir gün öň habar berdi. Emma habar gullugy, intrigany gyzdyryp, biraz soň, Bohdanyň öz edarasynda ýok wagtynda, öňki habaryny yza çekdi.

"Biz häkimiýetden aslyşmaýarys. Biz, meniň bilen gelen adamlaryň ählisi, başdan biziň hemmämiziň işden çekilmek barada arza ýazjagymyz hakynda ylalaşyga geldik. Eger-de jemgyýet ýa-da prezident bu ýa-da beýleki adam Ukraina üçin kesgitlenen maksatlara eýermeýär diýip bilse, onda islendik pursatda, beýle adam, wezipäni saklaman, işden çekiler” diýip, Zelenskiý öz metbugat gullugynyň saýtynda çap edilen beýanatda aýtdy.

XS
SM
MD
LG