Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Pars aýlagynda 'ýangyç gaçakçylygyny' edýän daşary ýurt tankerini saklady


Eýranyň yslamçy rewolýusiýa goragçylary deňizde panama baýdakly nebit tankeriniň daşyny alýar. Arhiw suraty
Eýranyň yslamçy rewolýusiýa goragçylary deňizde panama baýdakly nebit tankeriniň daşyny alýar. Arhiw suraty

Eýranyň yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy Pars aýlagynda käbir arap ýurtlaryna ýangyç gaçakçylygyny edýän daşary ýurt nebit tankerini tussag etdi diýip, Eýranyň döwlet mediasy 4-nji awgustda habar berdi.

Resmi hökümet habar agentligi bolan IRNA rewolýusiýa goragçylary korpusynyň beýanatyna salgylanyp, ol tankeriň Farsi adasynyň töwereginde 700 müň litr ýangyç alyp barýarka saklanandygyny habar berdi.

IRNA bu tankeriň sud organlary bilen ylalaşyk esasynda, resmileriň çykaran karary boýunça saklanylandygyny aýtdy.

Eýran geçen aý, hamala deňiz kanunçylygyny bozandygy üçin, britan baýdakly tankeri tussag etdi.

Bu çäre Britaniýa Gibraltarda, ÝB sanksiýalaryny bozmakda güman edilen eýran tankerini tussag edeninden soňra görüldi.

XS
SM
MD
LG