Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Günorta Koreýa harby türgenleşikleriniň fonunda, Demirgazyk Koreýa ýene raketa atdy


Demirgazyk Koreýa 25-nji iýuldan bäri eýýäm dördünji gezek raketalaryny atýar.
Demirgazyk Koreýa 25-nji iýuldan bäri eýýäm dördünji gezek raketalaryny atýar.

Demirgazyk Koreýa 6-njy awgusta iki raketany atyp, ABŞ bilen Günorta Koreýanyň mundan bir öň başladan bilelikdäki harby türgenleşiklerini tankytlady.

Raketalar Demirgazyk Koreýanyň günbatar kenaryndan atylyp, olar ýurduň gündogaryndaky kenarynda suwa gaçdy diýip, Seulyň Birleşen harby kommandowaniýesi maglumat berdi.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ bilen Günorta Koreýanyň geçirýän bilelikdäki dowamly türgenleşikleriniň Phenýany “ýurduň goraglylygyny üpjün etmek üçin has güýçli serişdeleri özleşdirmäge we synamaga mejbur edýändigini” aýtdy.

Demirgazyk Koreýa 25-nji iýuldan bäri eýýäm dördünji gezek raketalaryny atýar.

Mundan öň, ýagny 30-njy iýunda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un petige dirän denuklerizasiýa gepleşiklerini gaýtadan başlatmak barada ylalaşypdylar.

XS
SM
MD
LG