Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: Krymyň basylyp alynmagy “uly güýçleriň arasyndaky bäsdeşligiň” netijesi boldy


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainynyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna “uly güýçleriň arasyndaky bäsdeşlik” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlarynyň güýçlenmeginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Ol bu barada 5-nji awgustda Täze Zelandiýanyň Wiktoriýa uniwersitetindäki Strategiki barlaglar merkezinde eden çykyşynda aýtdy.

Stoltenberg uly güýçleriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagy bilen birlikde, NATO ýaranlygynyň terrorizm we kiber howpsuzlygy ýaly ýagdaýlar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandygyny sözüne goşdy.

Stoltenberg Krymyň “bikanun basylyp alnandygyny” aýdyp, munuň “2-nji Jahan urşundan soň Ýewropada bir ýurduň beýleki bir ýurduň bölegini ele geçirmeginiň ilkinji ýagdaýy bolandygyny” hem nygtap geçdi.

XS
SM
MD
LG