Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” ulag bombasy Kabulda azyndan 18 adamy öldürdi


 Kabul, 7-nji awgust. Partlama bolan ýerden gaçýan adamlar.
Kabul, 7-nji awgust. Partlama bolan ýerden gaçýan adamlar.

7-nji awgustda Kabuldaky polisiýa stansiýasynyň daş işiginde partladylan ulag bombasy azyndan 18 adamy öldürdi, 145 adamy bolsa ýaralady diýip, Owganystanyň Jemgyýetçilik saglygy ministrligi aýtdy.

Ir sagat 9-töwereginde bolan hüjümiň pidalarynyň arasynda aýallar we çagalar hem bar diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nusrat Rahimi aýtdy.

Partlaýjy madda awtoulag barlag nokadynda, polisiýa stansiýasynyň daş işiginde saklananda partlady diýip, Rahimi sözüniň üstüni ýetirdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy, ýagny öz janyndan geçen bombaçylarynyň biriniň polisiýa “nöker toplanylýan merkezi” nyşana alandygyny aýtdy.

"Esgerleriň ýa polisiýa işgärleriniň uly möçberi öldürildi ýa ýaralandy” diýip, “Talyban” 7-nji awgustdaky beýanatynda aýtdy.

Şaýatlar partlamadan soň tüpeň sesleriniň eşidilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG