Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi kontrollygyndaky Kaşmirde juma namazy üçin komendant sagady gowşadyldy


Kaşmir. Jammunyň köçelerindäki hindi esgerleri, 9-njy awgust, 2019.
Kaşmir. Jammunyň köçelerindäki hindi esgerleri, 9-njy awgust, 2019.

Hindi kontrollygyndaky Kaşmirde bäşinji gün dowam edýän berk komendant sagady 9-njy awgustda, anna namazy üçin gowşadyldy.

Regionyň polisiýa başlygy Dilbagh Singh AP habar agentligine “adamlaryň Srinagar şäheriniň çägindäki köp ýerde öz namaz okaýan metjitlerine barmagyna rugsat berler” diýdi. Ol bu rugsadyň anyk wagt çägini aýtmady. Juma namazlary Srinagarda öýlän sagat 12:37-de başlanýar we 20 minut çemesi dowam edýär.

Hindi dolandyryşyndaky Kaşmir 4-nji awgustdan bäri howpsuzlyk çäreleri astynda saklanylýar. Mobil we adaty telefon gatnaşyklary, internet beklengi. Hindistanyň hindi milletçileriniň öňbaşçylygyndaky hökümeti 5-nji awgustda Kaşmiriň ýörite konstitusiýa durumyny sökýändigini we onuň döwetliligini ýatyrýandygyny yglan etdi.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu çäräniň Nýu-Delä regiondaky “terrorizmden we separatizmden” dynmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Kaşmire hem Hindistan, hem Pakistan eýe çykýar. Pitneçiler onlarça ýyl bäri hindi dolandyryşyna garşy söweşýär, Kaşmiriň ýaşaýjylarynyň köpüsi ýa özbaşdak bolmak, ýa-da Pakistana goşulmak isleýär.

XS
SM
MD
LG