Tatarystanyň yslam liderleri metjitlerde wideo gözegçiligini ýola goýmak işiniň özlerine degişli edilmegini soraýarlar.
Çinownikler bolsa bu proýektiň respublikanyň informatizasiýa we aragatnaşyk ministrliginiň buýrugydygyny aýdyp, metjide gatnaşýanlaryň bähbidine hyzmat etjekdigini öňe sürýärler. Ýöne musulmanlaryň köpüsi muny adamyň şahsy durmuşyna garyşmak saýyp, täze gözegçilige garşy çykýar.
Kazandaky «Mirgaziýan» metjidiniň ymamy Abdurrauf Zabirowyň sözüne görä, onuň ündewleri bu ýere gatnaşýanlarda “ähli barlyşyksyz akymlara immunitet – gorag” döredýär.
Mundan iki ýyl öň şu wezipä belleneli bäri YouTube kanalynda dindarlar üçin yzygiderli wideo ýüzlenme ýerleşdirip, orsýetli musulmanlar bilen dialogy goldaýar hem yslamyň esaslaryny işjeň maslahatlaşýar.
Geçen aýda, remezan orazasy gutarandan iki gün soň, Zabirowyň alyp barýan ündew işine howp abanmak aladasy döredi. Bu döwlet telekommunikasiýa giganty bolan «Tattelekomdan» telefon gelenden soň ýüze çykdy, basym inžener-mehanikleriň metjide gelip, ol ýere gatnaşýanlary gözegçilige almak üçin, üç sany wideokamera goýjakdyklaryny aýtdylar.
2016-njy ýylda «Mirgaziýan» metjidinden sadaka pul toplanýan sandyk ogurlanandan soň, ol ýerde 8 sany wideokamera goýlupdy. Kazanyň beýleki metjitlerinde-de şeýle edildi. Şonuň üçin Zabirow olara özlerine goşmaça kameranyň gerek däldigini aýtdy.
— Ol maňa «Bu FSB-niň kamerasy» diýdi. Men oňa: «Eşidýäňmi, FSB meniň üçin kanun däl» diýdim — diýip, Abdurrauf Zabirow aýdýar.
«Tattelekomyň» wekilleri diňe bu ymam bilen gepleşmändi, olar 21-nji maýda Tatarystanyň musulman lideri müfti Kamil Samigulline hat ýollap, Respublikanyň informasiýa we aragatnaşyk ministrliginiň tabşyrygy bilen Kazandaky ähli metjitlerde gözegçilik wideo ulgamyny ornaşdyrmak proýektini amala aşyrmak üçin, iş alyp barmaga mümkinçilik berilmegini sorapdy.
Nusgasy Azatlyk Radiosynda bolan ol hatda Samigullinden «gysga wagt içinde her bir metjit barada aragatnaşyk maglumatlaryny bermek» talap edilýär. Hata öň Tatarystan hökümetiniň ýokary derejeli çinownigi bolan, maý aýyndan bäri «Tattelekomyň» baş direktory Aýrat Nurutdinow gol çekipdir.
Azatlyk Radiosynyň tatar-başgyrt redaksiýasyna wideo gözegçilik kompaniýa FSB-niň dahyllydygyny, beýle kameralaryň näçe metjide goýuljakdygyny we goýuljak kameralaryň sanyny anyklamak başartmady. Şeýle habaryň peýda bolmagy orsýetli musulman jemgyýetinde alada döretdi, olar hem birnäçe dini toparlaryň fonunda, has giň barlag gözegçiligine düşýärler.
«ÇUŇŇUR ŞAHSY MESELE»
Dürli hasaplamalara görä, musulmanlar Orsýetiň ilatynyň 10 – 14 % düzýär. 1997-nji ýylda yslam Orsýetdäki «däp bolup gelýän» dört diniň biri hökmünde, ýagny prawoslaw hristiançylygy, buddizm hem iudaizm dinleriniň hatarynda, kanuny esasda ykrar edildi. Şol wagtyň özünde kanun aktlary prawoslawlara aýratyn ähmiýet berýär.
Köpler Tatarystany Orsýetde musulmanlar bilen prawoslaw hristianlaryň belli derejede ylalaşykly gatnaşýan ýurdy saýýar. Ýöne hukuk goraýjylar bu ýurtdan uzakdaky Çeçenistanda separatistler bilen bolan soňky iki uruş dini garşylygy gyzyşdyrdy diýip hasap edýärler. Olardan birnäçesi Siriýa hem Yraga gidip, ol ýerdäki “Yslam döwleti” diýilýän ekstremistik toparlara goşuldylar. “YD” toparynyň ýok edilmegi bilen Ýakyn Gündogara gidýänleriň sany belli derejede azalanam bolsa, Orsýetde käbir ugurda dartgynlylyk saklanýar.
Aprel aýynda Tatarystanyň IIM-gi paýtagtdaky orta mekdepleriň direktorlaryndan, yslama uýýan maşgalalaryň hijap atynýan çagalarynyň sanawyny bermegi talap etdi. Bu Orsýetde yslama degişli başörtgüçleri gadagan etmegiň fonunda barýan jedeller döwründe bolupdy.
Russiýadaky musulmanlaryň dürli işler boýunça bähbitlerini gorap çykyş edýän tatarystanly ýurist Ruslan Nagiýew mekdeplere ýaýradylan şol hatyň nusgasyny Facebook’da ýerleşdirdi. Onda aýdylyşyna görä, mekdep psihologlary okuwçylaryň arasynda «olaryň nä derejede yslam akymyna dahyllydygyny kesgitlemek üçin» sorag geçirmeli we olaryň maşgalasynyň «berk dini ynanjy» haçandan bäri ýöredýändigini bilmeli.
Içeri işler ministrligi şol hatda görkezilen maglumatlar esasynda sorag geçirmelidigini mälim edipdi. Soňra ol edara bu hatyň takak bir işgäriň inisiatiwasy bolandygyny aýtdy.
Maý aýynda Kazanyň eteginden metjit gurjak bolanlarynda, barlyşyksyz garşylyk ýüze çykdy. Musulman jemgyýetiniň agzalary bilen musulman däl ýaşaýjylar dawa girmeli boldular. Ýerle ýaşaýjylar beýle gurluşyk başlansa, ol ýeriň dürli awto ulaglardan dolup, gürrüldi hem goh-galmagalyň artjakdygyny aýtdylar. Şeýle gapma-garşylyk geçen ýyl ýerli musulman liderleri Tatarystanyň paýtagtynda metjitleriň sanyny artdyrjak bolanda hem ýüze çykypdy.
Nagiýewiň sözüne görä, Tatarystandaky dini garşylyklar Moskwadaky yslam radikalizmine çäklendirme girizenden hem daşary ýurtlardaky “Yslam döwleti” ýaly harby toparlanyşyklar aradan aýrylandan soň köşeşip başlaýar. Barlyşyksyz yslamçylara garşy kompaniýanyň 1500 metjitde, ýagny Tatarystanda bar bolan belli dini merkezleriň ählisinde alnyp barlandygyny Nagiýew belleýär. Indi ymamlaryň tassyklamagyna görä, rus howpsuzlyk gullugy üçin gös-göni gözegçilik kameralarynyň goýulmagy ýagdaýy täze derejä ýetirýär.
— Bu hususy ýagdaý. Birnäçe adam özüniň metjide gatnaýandygyny çinownikleriň bilmegini islemeýär. Bu çuňňur şahsy mesele – diýip, Nagiýew Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasy bilen telefon gepleşiginde aýdýar.
Beýle çäräniň kanun goraýjy guramalaryň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen öňe sürülýändigini Nagiýew aradan aýyrmaýar. Olar radikal elementleriň musulman jemgyýetine gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada raport toplap bilerler. Onuň pikiriçe, namaz okalýan ýere gizlin geleniňden, daşardan syn edip bolar.
— Meniň pikirimçe, kanun goraýjy guramalar öz işlerini ýeňilleşdirýärler. Näme aýdylýandygyny bilmek hem görmek üçin, olaryň metjitlere barýandygy gizlin däl. Indi olar bu işi kameranyň üsti bilen ederler – metjitde näme bolýanyny görerler hem eşiderler – diýip, ol belleýär.
12-nji iýulda Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasynyň žurnalisti «Mirgaziýan» metjidine baryp, hökümetiň metjitde kamera goýmak planyna nähili garaýandyklaryny bilmek isledi.
— Biziň metjidimize gelýänler kamera arkaly gözegçilik edilmegini islemeýärler. Metjitde aýallar bar, çagalar bar, (hökümet) bizi hem öň tarapdan, hem arkamyzdan görsünmi? Adam Ýokardaky Biribara sejde etmek üçin aşak eglende, onuň arkasyndan seretmek örän gelşiksiz – diýip jemgyýetiň agzasy Ilşat Galimow aýdýar.
— Belki, olaryň gullugynda şeýle kabul edilendir, «Mirgaziýan» metjidine kim barýar? Belki, bu olar üçin ýeňildir. Ýöne bu biziň jemgyýetimiz – biz bolsak Orsýetiň graždanlary. Öz graždanyňa ynanmak gerek – diýip, musulman jemgyýetiniň belli wekili, mundan birnäçe ýyl öň metjidi esaslandyran Rauf Ibragimow aýdýar.
GIJE-GÜNDIZ GÖNI GÖZEGÇILIK
Azatlyk Radiosynyň tatar-başgyrt redaksiýasy meseläni düşündirmegi sorap, «Tattelekoma» ýüz tutanynda, ol ýerdäki wekil Kazan metjitlerinde wideokameralaryň goýulmagy şäher ilatynyň bähbidi üçin edilýär, bu dini edaralaryň territoriýasynda howpsuzlyk derejelerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutulan plan diýip jogap berdi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, öňe sürülýän plany Tatarystanyň Musulman dini uprawleniýesi hem goldaýar, olar şäherdäki ymamlara baglaşmak üçin aragatnaşyk sanawyny hem beripdirler. Musulmanlaryň dini uprawleniýesi şu mesele boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşandygyny Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasyna tassyklady. Ýöne «Tattelekomyň» wekili şäher metjitlerinde öňki goýlan kameralardan täze goýuljagyň näme bilen tapawutlanýandygyny hem-de onuň FSB ýa-da beýleki bir organa maglumat berjekdigini anyklamady.
Şeýle hem ol kompaniýa beýleki dini ybadathanalarda, şol sanda prawoslaw kilisesinde hem goşmaça kameralaryň goýlup-goýulmajagy barada hiç zat aýtmady. Russiýanyň esasy dini bolan prawoslawlar san taýdan Tatarystanda ikinji köplükdäki topar bolup durýar.
«Tattelekomyň» hatynda agzalýan Respublikanyň öýjükli ulgamdaky aragatnaşygy ösdürmek hem aragatnaşyk ministrligi öz tarapyndan gözegçilik planyna hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýdýar.
— Bizde kamera goýmak barada hiç bir metjit bilen resmi şertnama baglaşylmady. Bu ýagdaýdan biziň habarymyz ýok – diýip, ministrligiň metbugat-sekretary Anna Ýakowlewa Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasyna mälim etdi.
Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasynyň bu mesele barada FSB-e beren soragyna jogap bolmady.
Şol wagtyň özünde Internetde wideogözegçiligiň goýulýandygy barada şikaýatlar peýda bolup başlady. Bu «dini edaralaryň işine hem musulmanlaryň şahsy durmuşyna kanun goraýjy guramalaryň bikanun goşulyşmagy» diýlip, köpçülikleýin şikaýatda aýdylýar.
Zabirow hem beýleki käbir ymamlar munuň bilen ylalaşmajagyny aýdýarlar. Abdurrauf Zabirow 30-njy iýunda YouTube kanalynda goýan soňky ýüzlenmesinde «Mirgaziýan» metjidinde goýlan kameralary ýazgarýar hem basyşa ýan bermejekdigini aýdýar.
— Hudaýyň öýüne gelýän adamlara gije-gündiz gönümel gözegçilik nämäni aňladýar? Biz muny nähili kabul etmeli? – diýip, ol soraýar.
Ol bu edilýän işleri Hytaýyň uýgur musulmanlaryna edilýän gözegçilik bilen deňeşdirýär.
Ýurist Ruslan Nagiýew Zabirowa hem Kazanyň beýleki ymamlaryna metjitlerde wideokamera goýýandygy üçin, «Tattelekom» kompaniýasynyň üstünden arza bermäge kömekleşýär. Iýul aýynyň başynda ol bu işiň ýuridiki esaslaryny sorap, prokuratura arza berdi, ýöne entek jogap almandyr.
Bu işi sudda çözmek meselesinde gaty köpler Zabirowy goldajakdyklaryny aýdýarlar.
— Adamlar özleriniň gözegçilige alynýandygyny bilenlerinde, metjide gatnamagyny goýarlar. Kim (kamera) goýulmagyny islemese, Konstitusiýa suduna ýüzlenmäge haky bar. Şeýle etseler, meniň pikirimçe, olar ýeňerler – diýip, musulmanlaryň hukuklaryny goraýan topardan Ählitatar jemgyýetçilik merkeziniň şurasynyň başlygy Farit Zakiýew Azatlygyň tatar-başgyrt redaksiýasyna aýtdy.
Makala Metýu Laksmur tarapyndan AÝ/AR-nyň tatar-başgyrt redaksiýasynyň habarçylary Ramazan Alpaut hem Andreý Grigorýewiň goşmaça materiallaryny peýdalanmak bilen taýýarlandy.