Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa Ýemendäki separatistlere zarba urýar


Günorta geçiş geňeşi Adeni hökümet güýçleri bilen bolan söweşlerden soň ele geçirdi.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa, port şäheri Adeni ele geçirenlerinden soň, günorta Ýemendäki separatistlere garşy zarba urmaga başlady.

Koalisiýa 11-nji awgustda garaşsyz Günorta geçiş geňeşi bilen ýaranlykdaky güýçleri şäherde eýelän pozisiýlaryndan çykmaga çagyrdy ýa-da olaryň goşmaça hüjümler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

Günorta geçiş geňeşi Adeni prezident Abd-Rabbu Mansour Hadiniň halkara goldawyny alan hökümet güýçleri bilen bolan söweşlerden soň ele geçirdi. Prezident Hadiniň özi Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda ýerleşýär.

Hadiniň hökümeti Adeniň alynmagynay “agdarylyşyk” diýip suratlandyrdy.

Hökümete ygrarly güýçlere garşy alnyp barlan söweşlerde 70-den gowrak adam, şol sanda siwiller öldürildi diýip, AP habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG