Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Hindistan bilen aradaky iň soňky awtobus gatnawyny kesdi


Pakistan. Awtobusyň üstündäki ýolagçylar.
Pakistan. Awtobusyň üstündäki ýolagçylar.

Pakistan Hindistan bilen aradaky iň soňky jemgyýetçilik transporty baglanyşygyny, Lahor bilen Nýu-Deliniň arasyndaky awtobus gatnawyny hem kesendigini aýdýar. Iki sany ýadro ýaragly basdaşyň arasynda iki bölünen Himalaý sebitindäki Kaşmir üstündäki gahar-gazap güýçlenýär.

Pakistanyň Syýahatçylygy ösdürmek korporasiýasynyň syýahat resmisi Arşad Ali 10-njy awgustda “Roýters” habar gullugyna hökümetiň her gün diýen ýaly Lahordan ugraýn awtobus gatnawyny togtatmak hakynda görkezme berendigini aýtdy.

Yslamabat Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň hindi milletçileriniň agalygyndaky hökümetiniň 5-nji awgustda Kaşmiriň ýörite konstitusiýa durumyny we döwletliligini ýatyrýandygyny yglan etmegine gahar-gazap bildirdi.

XS
SM
MD
LG