Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda musson ýagyşlary sebäpli azyndan 161 adam öldi


Pakistanyň Karaçi şäherinde tebigy hadysa sebäpli azyndan 20 töweregi adam öldi. 11-nji awgust, 2019 ý.

Pakistanda iýulda başlanan güýçli ýagynlaryň netijesinde azyndan 161 adam heläk boldy, diýip habar gulluklary ýerli resmilere salgylanyp maglumat berýärler.

Pakistanyň Karaçi şäherinde tebigy hadysa sebäpli azyndan 20 töweregi adam öldi diýip, dpa agentligi 12-nji awgustda habar berdi.

Käbir sebitlerde düşen ygalyň derejesi 192 millimetre çenli ýetdi.

Maglumata görä, raýat we harby gullukçylary köçelerden suwlary aýyrmak ugrunda tagalla edýärler.

Howanyň global derejede gyzmagy ýagynlardan abanýan howplary güýçlendirdi diýip, daşky-gurşaw boýunça bilermen Kamar Zaman Çaudhry dpa agentligine maglumat berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG