Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow Hazar ykdysady forumynda çykyş etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedýew rus ulagynyň içinde. Türkmenbaşy. 12-nji awgust, 2019 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşyda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş etdi. Bu onuň ölendigi baradaky peýda bolan myş-myşlaryň ýaýramagynyň yzýanyna gabat geldi.

12-nji awgustda resmi türkmen mediasynda görkezilen reportažda Berdimuhamedow rusça 20 minut töweregi söz sözledi. Reportažda onuň aýak üstünde durandygyny görse bolýardy.

20-nji iýulda türkmen sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar peýda bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG