Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýokary ruhany lideri Ýemendäki huthilere goldawyny bildirdi


Huthi söweşijileri Ýemeniň paýtagty Sanaa gözegçilik edýärler. (arhiw suraty)
Huthi söweşijileri Ýemeniň paýtagty Sanaa gözegçilik edýärler. (arhiw suraty)

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Ýemende saudlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy göreşýän huthileri goldamagyny dowam etdirjekdigini söz berdi. Saudlaryň baştutanlygyndaky koalisiýa dört ýyl bäri dowam edýän uruşda Ýemeniň häkimiýetden çetleşdirilen hökümetini dikeltjek bolýar.

Hameneýi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda ýemenlileri onlarça müň adamyň ölmegine getiren çaknyşyklary bes etmek üçin dialoga çagyrdy.

Hameneýi Saud Arabystanyny “Ýemeni bölmek” synanyşygynda aýyplady.

Eýran bilen ilteşikli huthiler Ýemeniň paýtagty Sanaany we ýurduň ilatly beýleki künjeklerini hem öz kontrollygynda saklaýarlar.

Saud Arabystany we onuň koalisiýa boýunça hyzmatdaşy Birleşen Arap Emirlikleri 2015-nji ýyldan bäri prezident Abed Rabbo Mansouryň hökümetini goldap söweş alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG