Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýabloko” partiýasynyň dört wekili Moskwadaky saýlawlara hasaba alyndy


Sergeý Mitrohin Moskwanyň Saharow meýdançasynda geçirilýän ýörişe gatnaşýar. (arhiw suraty)
Sergeý Mitrohin Moskwanyň Saharow meýdançasynda geçirilýän ýörişe gatnaşýar. (arhiw suraty)

Russiýanyň liberal “Ýabloko” partiýasynyň sekiz dalaşgärinden dördüsi öňümizdäki aý Moskwanyň Geňeşine geçirilmeli saýlawlara hasaba alyndy.

13-nji awgustda sud saýlaw resmileriniň Sergeý Mitrohiniň kandidaturasyny hasaba almazlyk baradaky kararyny ýatyrdy. Mitrohin “Stolitsa” hukuk toparyna ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle-de, saýlawlara Moskwanyň Çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeny Ýewgeniý Bunimowiç, partiýanyň Korrupsiýa garşy syýasat merkeziniň eksperti Maksim Kruglow we arhitektor Dariýa Besedina hem goýberildi.

Mundan üç gün öň, Moskwada onlarça müň protestçi 8-nji sentýabrdaky saýlawlaryň adalatly geçmegini talap edip, demonstrasiýa geçiripdiler.

Saýlaw resmileri garaşsyz we oppozisiýa kandidatlarynyň aglabasyny, toplanan gollaryň ençemesiniň galpdygyny öňe sürüp, hasaba almakdan ýüz öwüripdiler.

Saýlawa goýberilmedik dalaşgärler ýerli saýlaw komissisýasyny we Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanini häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanyp, kandidatlary hasaba almazlykda aýypladylar.

8-nji sentýabrdaky saýlawlara hasaba alynmadyklaryň arasynda: syýasatçy Dmitriý Gudkow, Kremliň tankytçysy Aleskeý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubol Sobol, Nawalnynyň fondunyň ýolbaşçysy Iwan Ždanow, oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin dagy hem bar.

XS
SM
MD
LG