Gyrgyzystanda ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň häkimiýetlere boýun bolmagy boýunça gepleşikleri geçire, içeri işler ministriniň orunbasary Kursan Asanow “gyrgyz polisiýasynyň bähbitlerine dönüklik etmekde we ynamy ýitirmekde” aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy.
Baş prokuraturanyň Azatlyk Radiosyna 14-nji awgustda beren maglumatyna görä, Asanow mundan bir gün öň wezipe borçlaryndan boşadylypdyr.
Bu onuň Atambaýew bilen polisiýanyň ýörite güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylyk wagty “ygtyýarlygy bolmadyk” kararlary kabul etmegi bilen baglylykdaky alnyp barylýan derňewiň fonunda bolup geçdi.
“Kursan Asanow içeri işler güýçlerini hiç hili degişli buýruksyz howp astynda goýup, häzirki kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmedi. Şeýle-de, ol işe degişli delilleri we beýleki dokumentleri derňew resmilerinden ýaşyryp, jenaýat-prosessual kanunynyň talaplaryny bozdy” diýip, Baş prokuraturanyň beýanatynda aýdylýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.