Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetdäki partlama ganatly raketa programmasyna ilteşikli diýip pikir edýär


Nýonoksadaky harby bazalaryň binalary.
Nýonoksadaky harby bazalaryň binalary.

Ak tamyň uly derejeli resmisi prezident Donald Trampyň öňki twitlerinde aýdylan pikiri gaýtalap, Waşingtonyň azyndan bäş adamyň ölümine getiren partlamanyň Orsýetiň sesden hem ýokary tizlikli ganatly raketa programmasy bilen baglydygyna ynanýandygyny aýtdy. Bu barada” Roýters” habar berýär.

Anonimlik şertinde gürlän resmi Waşingtonyň bu ýadro partlamasy boldy diýip tassyklamaga taýýar däldigini, emma bu ýerde radioaktiw elementleriň gatnaşygynyň bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.

14-nji awgustda Arhangelsk harby-deňiz synaglary bazasynyň golaýyndaky Nýonoksa şäheriniň ilatyny ewakuasiýa etmek çäreleri planlaşdyryldy, emma bu iş biraz soň goýbolsun edildi.

Emma muňa garamazdan, “Rosgidromet” howa agentligi 13-nji awgustda Nýonoksa harby poligonynda geçirilen synag netijesinde Ak deňze diňe zäherli raketa ýangyjynyň däl, eýsem nämälim radioaktiw materiallaryň hem syzandygy baradaky delillerini artdyrdy.

“New York Times” gazetiniň 12-nji awgustda ABŞ-nyň aňtaw resmilerine salgylanyp ýazmagyna görä, olar Orsýetiň görnüşinden “ýadro motory bolan ganatly raketanyň täze görnüşini” synag edýändigini aýdypdyrlar. Şeýle-de olar “bu partlamanyň Çernobyl hadysasyndan bäri bolan iň aýylganç ýadro hadysalarynyň biri bolmagynyň mümkindigini” öňe sürýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji awgustdaky twitter beýanatynda bu hadysanyň NATO ekspertleri tarapyndan “Skyfall” diýlip at berlen raketanyň başa barmadyk synagydygyny tassyklady, emma bu sözüne delil getirmedi.

Geçen hepdede bolan hadysa ýerli häkimiýetleriň we federal resmileriniň ölenleriň anyk sany we hakykatda anyk nämäniň derňeläýndigi bababtdaky bulaşdyrmalary we azaşdyryjy maglumatlary bilen utgaşdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 13-nji awgustdaky brifingde bu partlama barada örän az maglumat berdi.

"Gynansak-da, hadysalar bolup durýar. Bular betbagtçylyklar. Bu pursatda biz üçin möhümi şol hadysalarda ömürlerini ýitiren gahrymanlary ýatlamak” diýip, rus habar gulluklary Peskowyň sözlerini sitirlediler.

Sewerodwinsk şäheriniň täze ýaşaýyş jaýlary
Sewerodwinsk şäheriniň täze ýaşaýyş jaýlary

Nýonoksa şäheriniň 30 km uzaklygynda ýerleşýän Sewerodwinsk şäheriniň ýaşaýjylary, aýdylmagyna görä, partlama barada ilkinji habarlar çykan badyna şäher dermanhanalaryndan ýod damjalaryny satyn aldylar.

Bilnişi ýaly, ýod köplenç her dürli radiasiýalardan goranmak üçin ulanylýar.

“Rosgidromet”döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy tarapyndan çap edilen beýanatynda, gözegçilik gullugynyň demirgazyk sebitdäki işgärleriniň toplan maglumatlaryna esaslanyp, 8-nji awgustda Sewerodwinskde, kadaly derejesi bilen deňeşdirilende, gamma şöhlelenmesiniň derejesiniň 4-16 esse ýokaryk galandygyny aýtdy.

Şeýle-de TASS döwlet eýeçiligindäki “Rosatom” ýadro agentliginiň resmilerine salgylanyp, bu derejeleriň adam saglygy üçin zyýansyzdygyny habar berdi.

Arhangelsk regionynyň adatdan daşary ýagdaýlar resmileriniň 8-nji awgustda irden çap eden hasabatlaryna görä, radiasiýa derejesi kadaly derejesinden 20 esse ýokary galdy.

Sewerodwinsk şäher adminstrasiýasy hem 8-nji awgustda öz websaýtynda beýanat çap edip, radiasiýa derejesiniň ýokary galandygyny aýtdy. Emma biraz soň bu beýanat websaýtdan aýryldy.

XS
SM
MD
LG