Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Modi Kaşmiriň aýratyn statusynyň ýatyrylmagyny gorap çykyş etdi


Hindi premýer-ministri Narendra Modi
Hindi premýer-ministri Narendra Modi

Hindi premýer-ministri Narendra Modi Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginiň aýratyn statusynyň ýatyrylmagynyň regionyň “öňki şan-şöhratyny” gaýtadan dikeltjekdigini we ýurduň ösüşinde “möhüm rol” oýnajakdygyny aýtdy.

15-nji awgustda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli eden çykyşynda Modi Kaşmir bilen bagly öňki ylalaşygyň korrupsiýany, tanyşparazlygy we adalatsyzlygy öjükdirendigini hem belledi.

4-nji awgustdan bäri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde komendant sagadyna meňzeş çäklendirme güýje girizildi we aragatnaşyk doly diýen ýaly kesildi.

5-nji awgustda Nýu-Deli Hindistanyň konstitusiýasynda ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Kaşmir regionyna ýurduň beýleki ştatlaryndan has köp awtonomiýa berýän maddany ýatyrdy.

Pakistan halkara kanunyna laýyklykda Hindistanyň bu ädiminiň bikanundygyny aýdyp, muňa garşy gaýtawul çärelerini kabul etdi. Pakistan öz goňşusy bilen ikitaraplaýyn söwdany, ähli jemgyýetçilik transport liniýalaryny ýatyrdy we Nýu-Deliniň Yslamabatdaky ilçisini yzyna iberdi.

XS
SM
MD
LG