Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus alymlary: Täze düzgünler daşary ýurtly kärdeşler bilen gatnaşyklary çäklendirer


A handout picture received from the French National Center for Scientific Research
A handout picture received from the French National Center for Scientific Research

Alymlar Russiýanyň häkimiýetleriniň rus alymlary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasyndaky özara gatnaşygy çäklendirýän täze düzgünleri güýje girizendigini aýdýarlar.

Täze çäklendirmeleriň nusgasy ilkinji gezek 13-nji awgustda, Sankt-Peterburgdaky rus alymy tarapyndan ýurduň Ylym we ýokary bilim ministrligine iberilen açyk hatda çap edildi.

Matematik we programmist Aleksandr Fradkow özüniň gol goýan hatynda resmileri bu düzgünleri ýatyrmaga çagyrýar. Şeýle-de, ol onda “biziň daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen ylmy gatnaşyklarymyzy böwetlejek çäklendirmeleriň we bolgusyzlyklaryň” bardygyny aýdýar.

Fradkow bular “biziň ýurdumyzyň abraýyna, şeýle-de ylym we tehnologiýa taýdan ösüşine hem” potensial “zyýan ýetirip biler” diýýär.

Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Mihail Kotýukow tarapyndan gol goýlan düzgünlerde alymlardan öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşmazdan bäş gün öň, bu barada ministrligiň resmilerini habarly etmek talap edilýär.

Şeýle-de, şuňa meňzeş duşuşykdan soňra alymlardan hasabat bermek we ýygnaga gatnaşanlaryň sanawyny tabşyrmak hem talap edilýär.

XS
SM
MD
LG