Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ eýranly üç sany hijab protestçisiniň bilelikde 55 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy


Ýasaman Arýani, Monireh Arabşahi we Mojgan Keşawarz (Çepden saga).
Ýasaman Arýani, Monireh Arabşahi we Mojgan Keşawarz (Çepden saga).

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ýakynda eýranly üç zenanyň, şol sanda eje we gyzyň, Eýranda zenanlaryň hijab geýmegini borçly edýän kanuna garşy protest bildireni üçin bilelikde 55 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy.

“Biz Eýran režimini Ýasaman Arýani, Monireh Arabşahi we Mojgan Keşawarzy diňe bägülleri paýlamak arkaly ýurtda zenanlaryň hijab geýmegini borçly edýän kanuna garşy protest bildireni üçin olary 55 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegini ýazgarýarys” diýip, 14-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Morgan Ortagus aýtdy. Şeýle-de, ol “ähli ýurtlary bu çynlakaý bozulmany ýazgarmaga” çagyrdy.

Human Rights Watch guramasynyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän üç zenan soňky iki ýylyň dowamynda ýurduň mejbury geýim-gejim düzgünlerine garşylyk görkezeni üçin tussag edilen onlarça aýal-gyzyň diňe birnäçesidir.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama 23 ýaşyndaky Arýaniniň we onuň ejesi Arabşahiniň, şeýle-de 9 aýlyk gyz bäbegiň ejesi Keşawaryň aprel aýynda Tähranda we onuň töwereginde tussag edilendigini we olar barada suduň geçen aý höküm çykarandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG