Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada zäherlenen 69 özbek raýatynyň içinde biri wepat boldy


Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi geçen aý Russiýada nämälim madda zerarly zäherlenen onlarça özbek zähmet migrantynyň içinde biriniň wepat bolandygyny aýdýar.

Ýatlatsak, iýul aýynda Russiýanyň Derňew komiteti 16-17-nji iýulda Samara regionynyň Syzran etrabynda onlarça özbek raýatynyň iýmitden zäherlenmek alamatlary boýunça keselhana ýerleşdirilendigini habar beripdi.

21-nji iýulda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi 69 özbek raýatynyň, şol sanda çaganyň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Şonda adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi boýunça derňewleriň başladylandygy habar berildi.

15-nji awgustda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi 48 sany özbek raýatynyň heniz hem Russiýanyň Samara regionyndaky keselhanada saglyk bejergisini alýandygyny aýtdy.

Maglumatda özbek zähmet migrantlarynyň Koşelýowka obasyndaky fermada işleýändigi we beýleki obalylardan aýratynlykda ýaşap, öz naharlaryny özleriniň bişirendigi hem bellenildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG