Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elwis Presleýiň muşdaklary onuň ölüminiň 42-nji ýyldönümini belleýär


Elwis Presleý. 1972 ý.
Elwis Presleý. 1972 ý.

Elwis Presleýiň muşdaklary onuň ölüminiň 42-nji ýyldönümini bellemek üçin rok-n-roll legendasynyň ABŞ-nyň Tennessi ştatyndaky Memphis sebitinde ýerleşýän guburyna baryp, ol ýerde şemleri ýakdylar.

Elwis Presleý 1977-nji ýylyň 16-njy awgustynda 42 ýaşynda aradan çykypdy.

Aýdymçynyň dünýäniň çar künjeginden gelen muşdaklarynyň onuň Greýslanddaky öňki öýüne ýygnanmagy bilen, Elwis Presleýi ýatlamak çäresi her ýyl geçirilýär.

Elwis Presleý 20-nji asyryň aýdym-saz medeniýetiniň iň görnükli şahsyýetleriniň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG