Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan mejbury pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde okuwçylardan mekdeplere baýdak, prezidentiň portretini we beýleki esbaplary satyn almak üçin mejbury pul ýygnalýar.

Täze okuw ýylynyň öňüsrasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän käbir orta mekdepleriň mugallymlary mekdeplere baýdaklary, prezidentiň portretlerini, dokument salynýan bukjalary hem-de beýleki esbaplary satyn almak üçin üstümizdäki ýyl okuwy tamamlaýan okuwçylardan dilden görkezme bilen pul çöpleýär.

16-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ençeme maryly raýatlaryň sözlerine salgylanyp, Mary welaýatynyň çägindäki mekdeplerde täze okuw ýylynyň öňýany okuwçylardan pul ýygnamak hadysalarynyň däbe öwrülendigini gürrüň berdi.

Habarçy welaýatyň çägindäki käbir orta mekdeplerde okuwçylardan ýygnalýan puluň möçberini we bu tejribäniň mümkin bolan sebäplerini öwrendi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ene-atalaryň tassyklamagyna görä, okuwçylaryň hossarlary özlerinden ýygnalýan pullaryň mugallymlaryň şahsy çykdajylaryna harçlanýandygyna ynanýar.

“Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän 4-nji mekdebiň mugallymalary 11-nji klas okuwçylardan adam başyna 400 manatdan pul çöpleýär. Mugallymlar bu puluň mekdebe baýdaklary, prezidentiň suratlaryny, dokument salynýan bukjalary we beýleki esbaplary satyn amak üçin zerurdygyny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar berdi.

Ol Baýramaly şäheriniň bir ýaşaýjysy bilen gürrüňdeş bolup, gurply maşgalalaryň çagalaryndan ýygnalýan puluň möçberiniň 500-600 manada çenli çykýan halatlaryna-da duş gelinýändigini mälim etdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, mugallymlar heniz dynç alyşlary dowam edýän okuwçylary mekdebe çagyryp, pul soraýar.

Azatlyk Radiosy Baýramaly şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň administrasiýasy bilen habarlaşyp, bu maglumatlar boýunça kommentariýa alyp bilmedi.

Ene-atalaryň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ýokary klas okuwçylardan ýygnalýan pullar mekdebi tamamlaýan okuwçynyň ýylyň aýagynda aljak attestatyndaky bahalaryna täsir ýetirýär.

Habarçy soralýan pula görä okuwçynyň orta bilim hakyndaky şahadatnamasyndaky bahalaryň üýtgeýändigini belledi.

Galyberse-de, ýylyň başyndaky pul salgydyna boýun bolup-bolmazlyk, orta okuwy tamamlaýan okuwçynyň ýokary okuwa girmek mümkinçiliklerine-de öz täsirini ýetirýär.

“Uçurymyň attestatyna 3-lik baha düşäýse, ýa-da Häsiýetnamasyna çala dürs bolmadyk maglumat ýazylaýsa, oňa ýokary okuw jaýyna girmek agyrlaşýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna ady tutulmazlyk şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ogul-gyzyny ýokary okuw jaýlaryna salmagy planlaşdyrýan ene-atalar çagalarynyň orta bilim şahadatnamalaryna gowşak bahalaryň ýazylmagyndan howatyr edip, soralýan pul serişdelerini üpjün etmäge mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli synçylar Türkmenistanyň bilim pudagynda korrupsiýanyň we paranyň giň ýaýrandygyny aýdyp gelýär. Ýerli synçylar ýurduň başlangyç, orta we ýokary okuw jaýlaryndaky korrupsiýa bilen bagly problemalayň tutuş ýurduň geljegine wehim salýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly sentýabr – maý aýlarynyň aralygynda bolup, tomus paslynda okuwçylar üç aý dynç alýar.

Şeýle-de, Türkmenisanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda, okuw synplarynda Bilim ministrliginiň görkezmesi esasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretleri asylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşyp, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň prezidentiň portretleri ýa-da olaryň döwlet nyşanlary bilen üpjünçiligi barada maglumat alyp bilmedi.

2013-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary üçin umumy orta bilim hökmanydyr, we olar ony döwlet bilim edaralarynda mugtuna almaga haklydyrlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG